PEKINDE TÜRKMENISTANYŇ WE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 4-nji fewralda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň geljekde durmuşa geçirilmegine degişli pikirler alyşyldy.