TÜRKMENISTAN WE PAKISTAN ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR

2022-nji ýylyň 31-nji ýanwary – 4 fewraly aralygynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.

31-nji ýanwarda saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Muhammad Hammad Azhar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça ýetilen sepgitler, häzirki günde alnyp barylýan we geljekde meýilleşdirilýän işler boýunça hem-de TOP elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň konseptual ugry bilen pakistan tarapyny tanyşdyrdy.

Pakistan tarapy maglumatlary kanagatlanma bilen kabul edip, sebit üçin ähmiýetli bolan TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan saldamly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň bu taslamalaryň ýerine ýetirilmegine doly ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalary boýunça amaly işleri ýerine ýetirmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin tehniki hünärmenler derejesinde ýakyn wagtda duşuşyklaryň geçirilmegini we ýerine ýetirilmeli işleriň ýol kartasynyň taýýarlanylmagyny ylalaşdylar.

Şol gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň sekretary (ministriň orunbasary) Sohail Mahmud bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, taraplar iki ýurduň arasyndaky howpsuzlyk ugrundaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada ylalaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtap, onuň nobatdaky altynjy mejlisiniň şu ýylyň dowamynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Pakistan tarapy, bu iki taslamanyň ýurduň energiýa howpsuzlygy üçin derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegini Pakistanyň hökümetiniň doly goldaýandygyny belledi.