TÜRKMEN-RUMYN DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA ONLAÝN GÖRNÜŞDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Danut Sebastian Nekulaesku ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ýurtlaryň türkmen-rumyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler.

Işjeň ýagdaýda geçirilen geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik ulgamdaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda ýokary derejede we Daşary işler ministrleriň derejesinde gutlag hatlary alyşmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada makalalary we interwýulary çap etmek, onlaýn leksiýalary okamak, tegelek stollary we maslahatlary geçirmek ýaly birnäçe çäreleriň guralmagy teklip edilýär.

Şeýle-de, söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri , şol sanda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesi dogrusynda hem pikirler alyşyldy.

Ikitaraplaýyn söwda dolanşygyny artdyrmak we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşmalaryň ileri tutulýan ugurlary boldy.

Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi babatynda öz gyzyklanmalaryny beýan etdiler.