BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TATAR IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GECIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlise Iş toparynyň türkmen we tatarystan düzümleriniň agzalary hem-de degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iş toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, tatar böleginiň başlygy RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow bolup durýar.

Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ileri tutulýan ugurlar bilen bagly meseleler girizildi. Taraplar Iş toparyň geçen mejlisleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde düýpli öňegidişligiň bardygyny bellediler.

Mejlisiň barşynda gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ykdysady subýektleriň özara hereket etmekleri üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem özara bähbitli taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek ýoly bilen hem-de daşary söwda dolanyşygynyň hasabyna amala aşyrmak  arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem nebit-gaz ulgamynda, senagatçylyk pudagynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu ugurda taraplar türkmen we tatar kompaniýalarynyň arasynda nebit-gaz we senagat pudaklarynyň dürli ugurlarynda ýakyn gatnaşyklary berkitmek boýunça işleri dowam etmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Mundan başga-da, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, ylym we bilim, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmek bilen bagly meseleleriň giň gerimine seredip geçdiler.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisiniň netijesi boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.