AŞGABATDA MOWZUKLAÝYN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.
Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň işine sanly ulgam arkaly Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de gadymy göllere bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide küýzegärçilik sungatynyň nusgalary, kilimler, haly we haly önümleri, zergärçilik şaý-sepleri görkezildi. Ýörite meýdançalarda türkmen alabaý itleriniň iň gowularyny görmek bolýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna sergide aýratyn orun berildi.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr gölleri ýaly meselelere bagyşlandy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, şeýle halkara çäreler itşynaslyk ulgamynda hünärmenleri jemlemek bilen çäklenmän, eýsem, medeni-ynsanperwer ulgamda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary özara baýlaşdyrmaga, giňeltmäge ýardam berýär.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna üns çekildi. Olarda türkmen topragynyň gadymy siwilizasiýalaryň we dünýä ähmiýetli medeni gymmatlyklaryň ojagydygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda adamzadyň ruhy-medeni ösüşine saldamly goşant goşup gelýär.
Daşary ýurtly itşynaslar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmeginiň ähmiýetli waka bolandygyny nygtadylar.
Maslahatyň Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen “Arheologiýa, maddy däl medeni miras we haly sungaty — umumadamzat medeniýetiniň baýlygy” atly birinji bölüminiň işiniň dowamynda ahalteke atlary, alabaý itleri hem-de dutar bilen baglanyşykly asyrlaryň dowamynda baý tejribe toplan milli sungatymyz barada aýdyldy.
Maslahatyň “Merdana türkmen alabaýy — keremli tebigatyň ajaýyp peşgeşi” atly ikinji bölümi Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binasynda geçirildi. Bu ýerde güýç-kuwwatyň, hoşmeýilli ruhy güýjüň, ýeňşe bolan çäksiz erkiň nyşany bolan alabaýyň wepalylygyna we edermenligine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.
27-nji ýanwarda maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen halysynyň milli muzeýinde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Geçmişden janly ýadygär — merdana türkmen alabaýlary”, “Haly we amaly-haşam sungatynda türkmen alabaýynyň çeper waspy” atly bölümlerde öz işini dowam eder.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny öwrenmekde ylham çeşmämiz hem-de gollanmamyz bolan köp sanly ajaýyp eserlerine aýratyn bölüm bagyşlanar.