TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI «TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝET WE DAŞKY GURŞAW BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi.
Beýannamada Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energiýa we transport ulgamlaryny goramaga, gaýtadan dikeldilýän we durnukly energiýa çeşmelerini goramaga we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berip, energiýa howpsuzlygy pudagynda gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýandygy nygtaldy.
Mundan başga-da, sessiýada daşky gurşawy talabalaýyk dolandyrmak, howanyň üýtgemegi, suw gorlaryny dolandyrmak, şeýle hem zenanlaryň energiýa taslamalaryna gatnaşmagy ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan ýaşyl portlary we transport aragatnaşygyny ösdürmekde, şeýle hem energiýa pudagynda aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan güýçlendirilmeginde ÝHHG bilen amaly hyzmatdaşlyga bil baglaýangy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti soňky ýyllarda Türkmenbaşy portunyň Halkara portlaryň sanly birikmäge taýynlygyna baha bermek üçin hem-de ÝHHG-niň taslamasynyň iş toparynyň ýygnaklaryna işjeň gatnaşandygyny aýtdy.
Şeýle hem, ýygnaga gatnaşyjylara Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamlary we suw dolandyryşy mowzuklaryň galýandygy, bu bellenilenler bolsa BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasynyň möhüm bölekleri bolup durýandygy barada habar berildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygy boýunça BMG we beýleki halkara guramalar, şol sanda ÝHHG-nyň çäginde öňe sürýän birnäçe başlangyçlary barada hem beýan etdi. Türkmenistan ÝHHG sebitinde durnukly aragatnaşygy ösdürmäge gönükdirilen çäreleri goldaýandygy we ýurduň iri halkara we sebitleýin transport we aragatnaşyk taslamalaryna başlamak bilen ulag mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýandygy nygtalyp geçildi.