TÜRKMENISTANA OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETI SAPAR BILEN GELDI
2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi.
15-nji ýanwarda, Aşgabada saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň arasynda dar düzümdäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda iki doganlyk döwletiň DIM-leriniň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň gerimi boýunça ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra duşuşyk giňeldilen düzümde dowam etdi we onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, söhbetdeşler hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky wajyp meselelerine seredip geçdiler.
Türkmen wekiliýetiniň Owganystana amala aşyran birnäçe saparlarynyň dowamynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligi babatynda bellenildi. Bu ugurda, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetli orny barada nygtadylar.
Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýan bilelikdäki iri infrastruktura taslamalaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ministrler Türkmenistandan Owganystana demirýollaryň gurluşygy boýunça bilelikde ýerine ýetirilen işlere seredip geçdiler.
Söhbetdeşler sebit howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky türkmen-owgan özara hereketleriniň mundan bäýläk hem işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny bellediler.
R.Meredow Türkmenistanyň, gürrüňsiz, Owganystanyň syýasy we ykdysady durnuklylygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we bitewüligine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu ugurda türkmen tarapy Türkmenistanyň, hoşniýetli goňşuçylyk we köp asyrlyk dostluk ýörelgelerinden ugur alyp, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegini ibermegi dowam etdirjegini tassyklady.
Owgan wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleri habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Ýüzlenmäniň dowamynda iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary nobatdaky duşuşyklaryň oňyn hem-de köpugurly häsiýetini nygtamak bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda özarabähbitli hyzmatdaşlygyň has hem giňledilmegine gönükdirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijelerini jemlediler.