TÜRKMENISTANYŇ RF-DÄKI ILÇISI MOSKWA ŞÄHERINIŇ MERIÝASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýewiň Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi Departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bar bolan baý dessurlaryň hem-de toplanylan tejribeleriň esasynda Türkmenistanyň Moskwa bilen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklere eýedigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Hususan-da, ýerüsti ulag infrastruturasy, häzirki zaman şäher toplumlarynyň we «akylly şäherleriň» döredilmegi ýaly ulgamlardaky özara hereketlere aýratyn ähmiýet berildi. Şonuň ýaly-da, Maksim Liksutowyň nygtaýşy ýaly, ulag howpsuzlygy, ulag duralgalarynyň işjeňleşdirilmegi, uly şäherleriň mümkinçiliklerinde ulaglary dolandyrmagyň elektron ulgamlarynyň girizilmegi ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin oňyn şertler bar.
Şu nukdaýnazardan, anyk gepleşikleriň geçirilmegi üçin Moskwanyň hökümetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň guramaçylygynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Rus tarapy ulgamlaýyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimi hökmünde saparyň barşynda Aşgabat-siti taslamasynyň gurluşygynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy, ulag infrastrukturasynyň kemala getirilmegi, türkmen oba hojalyk önümleriniň Moskwa eksport edilmegi üçin «ýaşyl geçelgeleriň» döredilmegi, Türkmenistanyň we Moskwanyň telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik-forumynyň geçirilmegi ýaly meselelere seredilmegini teklip etdi.