TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy. 

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk hem ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu Guramanyň agza-ýurtlaryna saýlaw işlerinde ýardam bermegi bilen bagly tejribelerini nazarda tutup, türkmen tarapynyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň görnüşlerine seredip geçdiler.