TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýazan hatyny gowşurdy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň adyna ýollan hatynda Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň wekiliýetiniň golaýda Pekine bolan saparynyň barşynda bildiren myhmansöýerligi, şeýle-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna şahsy goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
«Sizi we Siziň üstüňiz bilen Hytaýyň ähli halkyny XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň. Pekin dünýä ýatdan çykmajak sport täsinliklerini peşgeş berdi. Ol taryhda Tomusky we Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçiren ilkinji şäher boldy.
Men beýik Hytaýa ýaňy ýakynda amala aşyran saparymy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaryn. Hytaýda men Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdym» - diýlip hatda aýdylýar.