Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyhezretiniň doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigi bolsa netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi we türkmen-ýapon gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejä çykarmaga taýýardygyna ynandyrdy. Şol gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.