TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň we Malatýadaky Inönü uniwersitetiniň bilelikde guramagynda 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Malatýa şäherinde “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň we ýurdumyzy wasp edýän fotosuratlaryň we medeni gymmatlyklarymyzyň sergisi geçirildi.
Dabaraly çärelere Türkiýäniň Malatýa welaýatynyň gubernatory Aýdyn Baruş, Malatýa şäher häkimi Selahattin Gürkan, Inönü uniwersitetiniň rektory Ahmet Kyzylaý, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň başlygy Ahmet Çalyk, uniwersitetiň professor-mugallymary, türk we türkmen talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, türk kompaniýalarynyň hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şol bir wagtda bu çärä göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly eserleriniň we ýurdumyzy wasp edýän fotosuratlaryň hem-de medeni gymmatlyklarymyzyň sergisiniň açylmagy bilen başlandy. Sergä gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň kitaplary bilen içgin tanyş boldular, şeýle-de ýurdumyzyň taryhyny, medeniýetini, ykdysady ösüşini wasp edýän fotosuratlara syn etdiler.
Soňra Inönü uniwersitetiniň Turgut Ozal Medeniýet we maslahat merkezinde hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy iki ýurduň gimnleriniň ýaňlanmagy bilen öz işine başlady.
Dabaranyň başynda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideo ýazgylar görkezildi.
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi öz çykyşynda “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyň Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Milli Liderimiziň türkmen halkyna we dünýä jemgyýetçiligine eden taýsyz sowgady bolup durýandygyny mälim etdi. Şeýle hem bu gymmatly eseriň baý mazmuny barada gatnaşyjylara gürrüň berdi.
Malatýa welaýat gubernatory A.Baruş we şäher häkimi S.Gürkan öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösmeginiň buýsandyrýandygyny bellediler. Şeýle hem ol, ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlaryna dabara sanly ulgam arkaly gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyklaryny bildirdiler.
“Çalyk Holding” kompaniýasynyň başlygy A.Çalyk dabarada çykyş edip, paýtagtymyz Aşgabady wasp edýän eseriň türk dilinde çap edilmegine diýseň şatlanandygyny, Milli Liderimiziň bu kitaby saýasynda dostlugyň we doganlygyň merkezi Aşgabadyň gözellikleriniň bütindünýä bilen bir hatarda Türkiýede hem meşhurlyk gazanjakdygyny belledi.
Şeýle hem Inönü uniwersitetiniň rektory A.Kyzylaý özüniň çykyşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklary we taryhy barada belläp geçdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşüldi. Çäre bilen bagly maglumatlar ýerli metbugatda giňden beýan edildi.