TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY «GURLUŞLAÝYN DIALOG» ÖZ IŞINI DOWAM ETDI

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialog» iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi.

Şu günki gepleşiklerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň hem-de Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Jastin Mak Kenziniň giriş çykyşlary diňlenildi.

Bilermenler ekologiýa ulgamyna hem aýratyn ähmiýet berdiler. Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň COP26 boýunça borçnamalaryna we 2022-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen COP26 soňky tegelek stolda gazanylan öňe gidişliklerine syn berildi. Taraplar bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

Gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady ulgamdaky bilelikdäki hereketleriň has hem giňeldilmegi babatynda ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) çäklerindäki özara hereketleriň giňeldilmeginiň zerurlygy beýan edildi.  

Eksport karzlarynyň kepillendirilmegi boýunça Departament (UKEF) bilen özara hereketleriň mümkinçiliklerine garaldy we Beýik Britaniýanyň eksport maliýeleşdirmesi boýunça bu düzüminiň teklipleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi.

«Gurluşlaýyn dialogyň» ahyrynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary jemleýji sözleri bilen çykyş etdiler.