TÜRKMENISTAN BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA GATNAŞYKLARY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýokary döwlet derejesindäki özara ynanyşykly syýasy dialogyň esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň depginine kanagatlanma bilen ýokary baha berdiler. Iki halkyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýän iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli häsiýetdäki duşuşyklarynyň ähmiýeti barada bellenildi.
Ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini dogrusynda aýratyn nygtaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de wajyp ugurlarynyň, hususan-da söwda-ykdysady häsiýetli mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we dokma senagaty pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatynda pikir alyşdylar. Iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
S.Berdimuhamedow iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, hususan-da söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin üstaşyr, ulag geçelgeleriniň we howa gatnawlarynyň netijeli ulanylmagynyň möhümdigini nygtady.
Türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna bolan gyzyklanmasyny tassyklap, Türkiýäniň Söwda ministri tejribeleýin hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň wajypdygyny belledi.
Telefon gepleşiginiň ahyrynda ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem halklaryň bähbidi ugrunda giňeldilmegine ynam bildirip, söhbetdeşler birek-birege saglyk we üstünlik hem-de iki doganlyk halklara abadançylyk we ösüş arzuw etdiler.