AŞGABATDA SAÝLAWLARA TAÝÝARLYK GÖRMEK WE OLARY GEÇIRMEK, SAÝLAW ÇÄRELERINIŇ GURAMAÇYLYGY MESELELERI BOÝUNÇA SEMINAR ÖZ IŞINE BAŞLADY
Paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda jemgyýetçilik hem-de KHBS wekilleri üçin «Saýlawlar we ÝHHG-nyň borçnamalary» atly tema boýunça seminar geçirildi we ony ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy, Ilçi Jon Mak-Gregor alyp bardy.
Seminaryň işine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Ilçisine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň başlygynyň orunbasary A.Gandymow nobatdaky duşuşygyň aýratyn wajypdygyny hem-de oňa gatnaşýan döwlet düzümleriniň wekilleri üçin netijeli bolup durýandygyny hem-de raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň we erkinlikleriniň üpjün edilmegi babatynda tejribeleriň alyşylmagyna itergi berjekdigini belläp geçdi.
Ilçi Jon Mak-Gregor ÝHHG-niň saýlawlaryň barşyndaky işini hem-de borçnamalaryny kadalaşdyrýan halkara-hukuk resminamalarynyň üstünde durup geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda Jon Mak-Gregor, «şu gün ÝHHG-niň saýlawlar bilen bagly bolan ygrarlylyklary babatynda duşuşugyň geçirilmegi aýratyn ýakymly boldy. 12-nji martda geçiriljek saýlawlar barada aýdylanda bolsa, olaryň oňyn hem-de iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini arzuw etmek isleýärin. Sözümiň ahyrynda, bu çärelere gönüden-göni gatnaşýan adamlar bilen duşuşmak hem-de olar bilen söhbetdeş bolmak aýratyn ýakymly boldy» diýip, belledi.