TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDA HER ÝYL GEÇIRILÝÄN MASLAHATLAŞMALARYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji martynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry başlandy.
Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu ýolbaşçylyk etdiler. Şeýle-de duşuşyga iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar.
Çykyşlaryň hem-de ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda ikinji nobatda ikitaraplaýyn özarahereketleriň derwaýys ugurlaryna seredildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we ABŞ häzirki zaman halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň ençemesi babatynda umumy ýörelgelere we çemeleşmelere eýerýärler.
Ilkinji nobatda bu dünýäde we sebitde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy bolup durýar. Ýurtlaryň ikisi hem iri halkara gurmalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk saklaýarlar.
Taraplar şonuň ýaly-da durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmegi, global wehimlere – terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek ýaly derwaýys meseleler babatyndaky çemeleşmeleriniň umumylygyny tassykladylar.
Geňeşmeleriň çäklerinde adam ölçegleriniň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan hem, adam hukuklarynyň goragy we kepillendirilmegi ulgamynda Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan işlere syn berildi. Şu nukdaýnazardan, bu ugurda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam edilmegi babatynda taýýarlyk bildirildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugrunyň wajyplygy hem nygtaldy we medeni-bilim häsiýetli dürli görnüşli çäreleriň geçirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.
Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeler 2-nji martda hem dowam eder.