TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BMG-NE AGZA BOLMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-ne agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny» atly dabaraly duşuşyk geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri hem-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde BMG bilen köptaraplaýyn derwaýys resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu resminamalar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bolup durýandyr.
DIM-ki dabaraly duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Aşgabatdaky ulgamynyň ýolbaşçylaryny ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de parahatçylyk, adabançylyk we bilelikdäki işleriň has-da rowaçlanmagy baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Öz çykyşynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň hatyrasyna häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýetini nygtamaik bilen, onuň halkara bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygyny nygtady.
Daşary ýurt diplomatlarynyň – ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi, çünki olar Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdiler.
Şunlukda öz çykyşynda, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň ýüzlenmesini okady we onda Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň netijeliligi we köptaraplaýylygy bellenilýär. Ol şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň we BMG-niň ählumumy parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk ýolundaky hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydygyny belledi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň agentlikleriniň hem-de öz kärdeşleriniň we BMG-niň Wekilhanasynyň hünärmenleriniň adyndan ýurdumyzyň Baştutanyna hem-de tutuş türkmen halkyna gutlag sözlerini aýtdy we Türkmenistanyň agza bolan döwründen bäri BMG-niň ulgamy bilen hyzmatdaşlygyny ähmiýetli derejede pugtalandyrandygyny nygtady.
Mundan başga-da, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna kabul edilmegi – Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara giňişliginde yzygiderli çykyş edýän innowasion we ähmiýetli başlangyçlarynyň başynyň başlanmagyna itergi beren ähmiýetli waka boldy.
Öz çykyşynda BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdi.
Özüniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa döwletimiziň Baştutanyny hem-de türkmen halkyny Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady we häzirki wagtda ähli ulgamlary özünde jemleýän Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky özara hereketleriniň netijeliligini beýan etdi.
Duşuşykda Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň direktory Ý.Zaýsewiň, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili R.Komendanyň, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň başlygy G.El-Houriniň we BMG-niň Klimat tehnologiýalary merkeziniň sebitleýin menejeri R.Gargyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary hem diňlenildi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG bilen özara hereketleriniň ähmiýetini nygtamak bilen, bilelikdäki sepgitleriň derwaýyslygyny bellediler. Energiýa, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapýan beýleki ulgamlarda döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.