ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI KENIÇI HOSODA BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 3-nji martynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň binasynda ilçi G.Elýasow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Keniçi Hosoda bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar birek-biregi möhüm sene, ýagny türkmen-ýapon diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar we soňky 10 ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gazanylan üstünliklere ýokary baha berdiler.

Duşuşykda taraplar häzirki türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler we dürli ugurlarda, esasan hem ykdysadyýetde özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.