TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahat geçirildi.  

Çärede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň Baş sekretary H.Şmid, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy W.Woronkow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, ŞHG-nyň  Baş sekretary Çžan Min, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Nobatdaky maslahat Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň 10 ýyllygynyň jemini jemledi we BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň bu sebitde amala aşyrylmagynyň özboluşly tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.  

Öz çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew nobatdaky duşuşygyň guramaçylaryna minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň ulgamlaýyn esasda hemmetaraplaýyn we toplumlaýyn durmuşa geçirilip başlanan Merkezi Aziýa sebitiniň strategiki ähmiýetini belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, hut şu şertler hem 2011-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabatda Herketleriň birinji meýilnamasynyň kabul edilmegine itergi berdi we bu öz nobatynda sebitiň milli hökümetleriniň jogapkärçilikleriniň ýokary derejesini äşgär etdi.

Bu resminamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň geçen 10 ýylyndan görnüşi ýaly, BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň esasy ulgamlarynyň sebit we sebatara ugurlarynda durmuşa geçirilmeginiň köpderejeli çemeleşmesiniň netijeliligi Ýer ýüzüniň beýleki sebitlerinde hem ulanmagyň täsirli guraly bolup hyzmat edýär, diýip W.Hajiýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Maslahatyň çäklerinde panel ara alyp maslahatlaşmalary görnüşinde BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň dört ugrunyň her biri boýunça dört sany mejlisler geçirildi. Maslahatyň meýdançasynda şonuň ýaly-da BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda ŞHG-nyň Sebitleýin Terrorçylyga garşy göreşmek düzüminiň ornuna, terrorçylyga garşy göreş alyp barmak boýunça maksatnamalaryň maliýe goldawy we beýlekiler boýunça birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi.

Mundan başga-da, saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy W.Woronkow, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Ýerine ýetiriji direktory Kaýrat Sarybaý bilen duşuşyklary geçirdi.

Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň Merkezi Aziýada durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki täzelenen meýilnamasy kabul edildi we resminama terrorçylygyň hem-de zorlukly ekstremizmiň düýpli sebäplerine garşy garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp barylmagyna gönükdirilendir.