TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNY PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Gyrgyzystanyň Baştutany milli Liderimizi nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň giň bäsleşik esasynda üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi döwletimiziň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly döwletiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de gutlag sözleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Merkezi saýlaw toparynyň 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň yglan eden netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanylandygyny habar berdi.
Milli Liderimiz öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, gyrgyz kärdeşine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy hem-de iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Öz gezeginde, Prezident Sadyr Žaparow Gyrgyzystanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy ömrüni doganlyk ýurduň ösdürilmegine hem-de onuň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna bagyş eden parasatly syýasatçy hökmünde gowy tanaýandyklaryny we sarpa goýýandyklaryny nygtady.
Gyrgyz Lideri bular barada aýtmak bilen, Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Merkezi Aziýada ýakyn goňşular bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyny nygtady hem-de döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine hem-de doganlyk halklaryň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, iki döwletiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugtalandyrmak üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.
Milli Liderimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.
Prezident Sadyr Žaparow pursatdan peýdalanyp, öz täze kärdeşini iň ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, berk jan saglyk we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Biz umumy bähbitlere kybap gelýän türkmen-gyrgyz syýasy we ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine berk ynanýarys diýip, Gyrgyzystanyň Baştutany belledi.
Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we ýagşy arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň öňki Prezidentiniň doganlyk Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen syýasy ugruny dowam etjekdigini nygtady. Taryhyň dowamynda Gyrgyzystan bilen halklarymyzyň hem-de ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gyrgyz Liderine berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, dostlukly döwletiň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.