TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, uzak ýyllaryň dowamyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesine hem-de netijeli häsiýetine kanagatlanma bildirdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Seýed Ebrahim Raisini 12-nji martda geçirilen saýlawlaryň jemleri bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiz ählihalk ses berlişiginiň netijeleri boýunça Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýlip yglan edilendigini belläp, şu pursatdan başlap özüniň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde iş alyp barmagy maksat edinýändigini habar berdi.
Söhbetdeşler türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljekde-de yzygiderli berkidiljekdigine hem-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler, muňa bar bolan köptaraplaýyn mümkinçilikler ýardam berer. Şu ýyl Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär, bu gatnaşyklar abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge iki tarapyň hem uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra milli Liderimiz telefony türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyna berdi.Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutany gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyna ygrarlydygyny tassyklady.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.