ÝURDUMYZDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Umumymilli bag ekiş çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdylar. Dabara şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Milli bahar baýramyna hem-de Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan ählihalk bag ekmek dabarasynyň maksady tutuş Türkmenistan boýunça 3 million düýp miweli, saýaly, gyrymsy agaç nahallaryny oturtmakdan ybaratdyr.
Şu günki çäre Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurtda tokaý zolaklaryny artdyrmak maksady bilen geçirilýär.
Bu ählihalk hereketi Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hemde biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen 15-nji Maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn ekologiýa şertleriniň döredilmegi, tokaýlaryň durnukly dolandyrylmagy hem-de olaryň bioköpdürliliginiň goralyp saklanylmagy boýunça toplumlaýyn maksatnama durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky milli kanunçylyk binýady has hem kämilleşdirilýär we halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär.