ÝHHG "LAPIS-LAZULI" ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESI HEM-DE HAZAR DEŇZINIŇ SEBITINDE ÖZARA BAGLANŞYKLYLYGYŇ GÜÝÇLENDIRILMEGI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça sebitleýin seminar öz işine başlady.
Gibrid görnüşinde geçirilen iki günlük seminar «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesiniň durmuşa geçirilmegi boýunça strategiýanyň görkezilmegi maksady bilen guraldy.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi geçelgäniň hereketini üpjün etmek üçin «Lapis-Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesi baradaky ylalaşyga gol çeken ýurtlara goldaw bermegiň çäklerinde onuň durmuşa geçirilmegi boýunça strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň işlenilip düzülmeginiň başyny başlady. Strategiýa sebitleýin ykdysady integrasiýanyň hem-de ulag mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegine, ulaglaryň ähli görnüşleriniň talabalaýyk ulanylmagynyň hasabyna geografiki aralyklaryň düýpli derejede gysgaldylmagyna itergi berer.
Seminara «Lapis-Lazuli» ylalaşygyna gol çeken dört sany ýurduň: Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň altmyşdan gowrak wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä «Ýewropa-Kawkaz-Aziýa» Halkara ulag geçelgesiniň (TRASEKA) Hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary, Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylyşyna ýardam bermek Maksatnamasynyň ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän 3-nji Komponentiniň ýolbaşçysy, ÝHHG-niň bilermenleri gatnaşdylar we olar söwda hem-de ulag ulgamyna ýardam bermek babatyndaky öňdebaryjy tejribelerini beýan etdiler.
Çäräniň açylyş dabarasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy Jon MakGregor ykdysady taýdan özara baglanşyklylyga we ulaglara ýardam bermek ulgamyndaky ÝHHG-niň borçnamalarynyň ençemesiniň üstünde durup geçdi.
Ol: «Söwdanyň gowulanmagy we ykdysady ösüşiň ilerlemegi netijesinde serhetlerde hyzmatdaşlygyň hem-de özara baglanşyklylygyň ösmeginiň arasynda güýçli özara baglanşygyň bardygy görnetindir» diýip, belledi. «Bu «Lapis-Lazuli» geçelgesini babatyndaky bilelikdäki işler ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň ählisi üçin oňyn netije berer, çünki ol ykdysady ösüşiň ilerledilmegine itergi berer» diýip, MakGregor sözüniň üstüni ýetirdi.
Ylalaşyga gol çeken dört ýurduň wekilleri strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň üstüniň ýetirilmegi boýunça pikirleri hem-de teklipleri alyşdylar. Merkez milli gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagynda durmuşa geçirilýän hem-de şol bir wagtda milli eýeçilikleri bolup durýan ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň milli ösüş strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kemala getirilmegi maksady bilen, strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň üstünde işlemek amallaryna ýardam berer. Hut şu maksat esasynda, seminara gatnaşyjylar «Lapis-Lazuli» geçelgesi boýunça hyzmatdaşlaryna olaryň ulag hem-de üstaşyr mümkinçilikleriniň doly göwrümde durmuşa geçirilmegine goldaw bermek boýunça geljekki hereketleri kesgitlediler.