TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI OWGANYSTAN BILEN GOŇŞY ÝURTLARYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 3-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 31-nji martynda HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahaty öz işine başlady.

Çäräniň başynda HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagy okaldy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň wideoýüzlenmesi görkezildi.

Öz çykyşynda Ministr R.Meredow nobatdaky duşuşygyň Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bu ýurduň geljekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky utgaşykly çemeleşmäniň işlenilip düzülmeginiň mümkinçiligi hökmünde kabul edilýändigini belläp geçdi.  

Ministr Owganystanyň gönüden-göni goňşulary bolan alty ýurduň arasyndaky özara hereketleriň geljekde Owganystan boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň ilerledilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şu nukdaýnazardan, Owganystan bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.  

Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag, kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçrijisiniň hem-de optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi, Türkmenistandan Owganystana täze demir ýollaryň gurulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň ahyrynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary jemleýji resminamalary kabul etdiler. Hususan hem, Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň üçünji maslahatynyň Bilelikdäki Beýannamasy we Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek we amaly hyzmatdaşlyk boýunça Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Tunsi başlangyçlary kabul edildi.