DUŞENBEDE “MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary wezipeli şahslaryň nobatdaky 12-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de bu dowletleriň Täjigistanda akkreditirlenen ilçileri gatnaşdylar. Ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Ilçi T. Aiki wekilçilik etdi.

Ýokary wezipeli şahslaryň mejlisiniň birinji bölümçesi ulag we logistika işine bagyşlandy. Wekiliýetler taslamalaryň durmuşa geçirlişiniň ösüşinde seljerme geçirdiler we bu ugurda geljekde hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapynyň Dialogyň çäklerinde işläp taýýarlamak üçin ulag we logistika pudaklarynda birnäçe geljegi bar bolan we anyk taslamalary gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Ikinji bölümçäniň dowamynda taraplar syýahatçylyk we el hünari ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Mümkinçilikleri jebisleşdirmek we olary ösdürmek boýunça pikir alyşmak oňaýly hyzmatdaşlygyň taze mowzugy bolup durýar. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, syýahatçylyk hyzmatlaryny giňeltmek we pudagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taraplar Dialogyň çäginde, esasan hem hünärmenleri taýýarlamakda tejribeleri we bilimleri alyşmagyň peýdalydygy bilen ylalaşdylar.  

Galan bölümçeler sebitleýin howpsuzlyk meselelerine we “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynda öňe gidişlik meselelerine bagyşlanyldy. Halklaryň howpsuzlygyny, durnuklylygyny we ykdysady gülläp ösüşini üpjün etmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikde meseleleri çözmegiň we hyzmatdaşlygy öňe sürmegiň ýollaryny gözläp tapmagyň wajypdygyny taraplar tassykladylar.   

         Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Täjigistanyň Daşary işler ministri S. Aslow tarapyndan kabul edildi.