AŞGABATDA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ SERGISI HEM-DE MASLAHATY GEÇIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. 

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.

Serginiň esasy maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde gazanylyan üstünlikleri, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri, ulgamyň innowasion esaslaryny açyp görkezmekden ybaratdyr.

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar.

Günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Onda täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlar diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iri döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi we beýleki wajyp meseleler barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütler kabul edildi.

Maslahatyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça “Ýylyň iň gowy telekeçisi” bäsleşiginiň jemleri-de jemlendi.

Sergi 13-nji aprelde öz işini dowam eder.