ÝAPON TELEGEPLEŞIGI TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASYNDA
2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni çäreleriň çäklerinde Ýaponiýanyň teleýaýlymy “Tokyo MX” bilen telegepleşik taýýarlanyldy.
Agzalan telegepleşigiň dowamynda teleýaýlymyň habarçysy Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Elýasow bilen gürrüňdeşlik geçirip, ýapon halkyny Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen dürli ugurlar boýunça sorag-jogap alyşdy.
Ilçi G.Elýasow teleýaýlymyň tomaşaçylaryny we ýapon halkyny Türkmenistan watanymyz bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň aýratynlyklary, Garaşsyzlyk ýyllarynyň ykdysady ösüşleri, ulag-logistika mümkinçileri, türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklarynda 30 ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler, türkmen halkynyň medeni mirasy, däp-dessurlary, milli egin-eşikleri we tagamlary barada giňişleýin gürrüň berdi.
Mundan başga hem, gepleşigiň dowamynda teleýaýlymyň wekillerine Türkmenistanyň gözel künjekleriniň suratlary, türkmeniň halkynyň medeni mirasyna degişli esbaplar we egin-eşikler görkezildi we türkmen tagamlary hödür edildi.