TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BAE-NIŇ PREZIDENTIŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherine sapar bilen gitdi.

Şol gün, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi.

Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Yzygiderli esasda geçirilýän ýokary derejeli gepleşikleriň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn özarahereketleriniň ösdürilmegine itergi berýändigi nygtaldy. 

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar. Hususan-da, taraplar maýa goýum we maliýe-bank ulgamlarynda hyzmatdaş özarahereketlerini giňeltmek meselelerine garadylar.

Şu nukdaý-nazardan taraplar türkmen wekiliýetiniň BAE-ne amala aşyran öňki saparlarynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ilerletmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.