TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKI TARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini nygtamak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigi bellenildi. Şonuň ýaly-da ýokary derejedäki özara hereketleriň döwletara gatnaşyklarynyň has hem ilerledilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy.

Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýyslygyny bellediler. Halkara guramalarynyň, şol sanda BMG, YHG we beýlekileriň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn ähmiýet berildi hem-de bu düzümlerde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň wajyplygy beýan edildi.

Häzirki döwrüň wehimleri we howplary barada gürrüň etmek etmek bilen, taraplar global pandemiýa garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Öň gol çekilen resminamalaryň we gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn döwür içinde durmuşa geçirilmegi babatynda işjeň pikirler alyşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işjeň häsiýete eýe bolan hereketiniň goldanylmagy baradaky pikiri orta atdylar.