TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen hem-de eýran halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen we soňky ýyllarda has-da ösdürilýän, deňhukuklylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara hormat goýmagyň baý tejribesine we ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şeýle hem şu ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýändigi aýdyldy.
Söhbetdeşler iki ýurduň hem mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, türkmen we eýran halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarda mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki goňşy ýurduň halkyna ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler.