ÝAŞ MATEMATIKLERIŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI
2022-nji ýylyň 27-30-njy apreli aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika dersi boýunça ikinji Açyk halkara olimpiadasy (OMOUS-2022) geçirildi. Oňa jemi 42 ýurtdan düzülen toparlar boýunça 700-den gowrak ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Açyk halkara olimpiadasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary hem işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
A we B derejede, ýekeleýin we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilen olimpiadada çylşyrymly matematiki meseleleri berlen wagtyň dowamynda doly we dogry ýerine ýetirip, institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmyrat Tirkeşow I orna, 3-nji ýyl talyby Meýlis Hojamyradow II orna we 2-nji ýyl talyby Arazgül Ballyýewa III orna hem-de Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begenç Aşyrow III orna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan gatnaşan talyplar topary toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilen ugry boýunça II orny eýelemegi başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine degişli diplomlar gowşuryldy.