DÖWLET BAŞTUTANYMYZ MILLI OLIMPIÝA KOMITETINIŇ PREZIDENTLIGINE SAÝLANYLDY
2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy.
Milli sportuň hem-de Halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, dünýäde Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrmaga goşan saldamly goşandyny nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine biragyzdan saýlanyldy.
Şeýle hem mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk meselelerine seredildi.
Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de milli sportumyza berýän hemmetaraplaýyn goldawy, türkmen türgenleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.