TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi we türkmen halkynyň parasatly çözgüdiniň durmuşa geçirilýän syýasatyň üstünlige eýe bolýandygynyň, dowamatlylygyň, doganlyk ýurduň rowaçlygynyň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow doganlyk döwletiň ýokary derejeli ýolbaşçylygyna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe uly sarpa goýýan Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny nygtady.

Söhbetdeşler syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň utgaşdyryjy guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler.

Ýükleri daşamagyň amatly ýerüsti we deňiz ýollaryny üpjün edýän yklymara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýän iki goňşy döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden peýdalanmak meselelerine duşuşykda aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we netijelilik esasynda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi.