TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTANYŇ MILLI MAJLISINIŇ OLI MAJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşende şäheriniň Başlygy Rustam Emomalini kabul etdi.

Myhman ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň ýolbaşçylaryna we dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Täjigistan bilen gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýadynda alnyp barylýar.

Netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň barşynda köp ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem söhbetdeşler MA döwletleriniň we RF Parlamentara forumy babatda pikir alyşdylar. Forumyň gün tertibine köpugurly hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, kanun çykaryjy düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhüm meseleleri girizildi.

Myhman forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň möhüm sebit meselelerini çözmekde eýeleýän işjeň we netijeli ornuny hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň maksatlaryna kybap gelýän möhüm başlangyçlaryny Täjigistanyň doly goldaýandygyny nygtady.