TÜRKMENISTAN ÝB BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOGA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy.
Gepleşik wagtynda taraplar sebitleýin we global durnuklylygyň möhüm meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler, hususan-da, umumy howpsuzlyk meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaý barada pikir alyşdylar.
Şu ýylyň 26-njy iýulynda Samarkantda geçiriljek Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.
Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşine howp salýan yzygiderli global howplary ara alyp maslahatlaşmagyň bir bölegi hökmünde Türkmen tarapy, bitaraplyk syýasatyna eýerýän Türkmenistanyň bitarap syýasatyň mümkinçiliklerini dünýä syýasatynda jedelleri we gapma-garşylyklary çözmek üçin syýasy we diplomatik tagallalary goldamak üçin doly ulanmagyny dowam etdirýändigini aýtdy.
Dialogyň “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurlygy bellendi we Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen guramalaryny global wehimlerine garşy, hususan-da terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýata, neşe we ýarag söwdasyna, adam söwdasyna garşy bilelikdäki göreşe has işjeň çekmek teklip edildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň meseleleri boýunça sebitara hyzmatdaşlyk meselesinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, Owganystandaky esasy infrastruktura ägirt uly taslamalaryny öňe sürmek we maliýe edaralarynyň kadaly işlemegi syýasy we diplomatik ýolda haýal hereketleriň girewi edilip saklanmaly däldigini aýtdy.