Ýaponiýada Bütindünýä welosiped günine bagyşlanyp sport çäresi geçirildi
2022-nji ýylyň 28-nji maýynda Bütindünýä welosiped günine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Ýaponiýanyň Tokai uniwersitetiniň sport bagynda welosipedli ýörüşi gecirildi.
Agzalan çärä Tokai uniwersitetinde okaýan türkmenistanly we daşary ýurt talyplary hem-de sport höwesjeňleri gatnaşdylar.
Geçirilen çärede ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alnyp, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada wagyz nesihat işleri geçirildi.