PRESS-RELIZ: OWGANYSTANDA AKINA-ANDHOÝ DEMIRÝOLUNYŇ GURLUŞYGYNYŇ GALAN IŞLERI BAŞLANDY
“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler.
Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganystanyň Balh welaýatynyň Demirýollar guramasynyň we beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 30 km bolan bu demirýol ugrunyň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlandy. Emma käbir sebäplere görä, şol sanda pandemiýa zerarly girizilen çäklendirmeler sebäpli demirýolunyň 29 kilometri we 200 metri guruldy. Bu demirýol ugrunyň galan 800 metri bir aýyň dowamynda gurlup tabşyryrylmagyna garaşylýar.