RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE DOSTLUK ORDENINI GOWŞURDY
Resmi saparyň dowamynda Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.
Rus Lideri bu çözgüdi beýan etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly, hakykatdan-da, ýakyn döwletara gatnaşyklary ösdürmekde bitiren hyzmatyny nygtady. Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bu wezipä saýlanmazyndan ozal hem dürli döwlet wezipelerinde işlän wagtynda, birnäçe bilelikdäki başlangyçlary hem-de möhüm ylalaşyklary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny belledi.
Russiýanyň döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki hökümetara toparyň türkmen tarapynyň başlygy bolan wagtynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek meselelerini çözmäge işjeň gatnaşdy. Rus Lideri Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny bu sylag bilen gutlap, ýurduň durnukly ösüşiniň, onuň raýatlarynyň rowaçlygyny üpjün etmegiň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine “Dostluk” ordenini gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz rus Liderine hem-de wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, bu ýokary sylaga mynasyp bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny we ony ýurdumyza goýulýan sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhy gatnaşyklaryň berk binýadyna daýanyp, döwletara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýarlar, ykdysadyýet, energetika, ulag, senagat, oba hojalyk ulgamlarynda we beýleki köp sanly ugurlarda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny amala aşyrýarlar. Ýurtlarymyz öz gatnaşyklarynda aýdyň maksatlary görýärler we bu maksatlara ýetmek üçin hemişe taýýardyrlar. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar.
“Goý, bu ýokary sylag türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň, ýurtlarymyzyň we döwletlerimiziň dostlugynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň mizemezliginiň ýene-de bir nyşany bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz minnetdarlyk sözüniň ahyrynda nygtady.