WENADA TÜRKMENISTAN - ÝHHG ULAG WE LOGISTIKA ÖSÜŞI ULGAMYNDA TEMA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda Wena şäherinde "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen onlaýn  formatda sebitleýin maslahat geçirildi. Bu maslahat, Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky wekiliýeti tarapyndan ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri boýunça edarasy we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde gurnaldy.

Agzalan çäräniň işine ÝHHG-nyň ýurtlarynyň wekiliýetleri, hususy pudagyň wekilleri, akademiýalaryň, BMG-nyň we beýleki degişli halkara we sebit guramalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdy.

Bu çäre, ulag we logistika ösüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermek bilen Merkezi Aziýanyň häzirki möhüm ykdysady meselelerine bagyşlandy.

Maslahatyň dowamynda durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi öňe sürüldi we ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özara täsirleşmegi üpjün etmek üçin syýasy gepleşikleri dowam etdirmegiň we berkitmegiň möhümdigi bellenildi.

Türkmen tarapy gatnaşyjylary ýurdumyzyň durnukly ulag we logistika pudagyndaky meýilnamalary we başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Bu mazmunda gatnaşyjylar "Türkmenistanyň transport diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy" bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de, Türkmen wekiliýeti gatnaşyjylara, şu ýylyň awgust aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ýokary derejeli halkara ulag maslahatyna” görülýän taýýarlyk barada hem maglumat berdi.