TÜRKMENISTAN — TÜRKIÝE: ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi.

Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem berkidilýär. Duşuşykda türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi.

Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpasyrlyk hoşniýetli gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň ugurlaryny kesgitlediler. Iki ýurduň wekilleriniň Türkmenistanda we Türkiýede guralýan halkara maslahatlara, beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Şol gün türkmen-türk işewürlik maslahaty hem geçirildi. Onda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pikir alyşmalaryň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň işewürlik düzümleriniň wekilleri amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň özara bähbitli täze ugurlary boýunça hem-de beýleki pudaklarda özara gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny tassykladylar.