Şy ýyl sebitde utgaşdyrylan dolanşykly ilkinji gazturbinaly elektrik stansiýasy işe giriziler

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurulýan utgaşdyrylan dolanşykly gazturbinaly elektrik stansiýasynda hersiniň kuwwatlylygy 262 megawatt bolan gaz turbinalalrynyň ikisinde işe goýberiş-sazlaýyş işleri başlandy. 

Şu ýyl ýurduň we Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda ilkinji gezek jemi kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan iki energoblokdan ybarat täze ýokary tehnologiýaly desga işe giriziler. Elektrik stansiýasynda gaz turbinalalrynyň 4-si, 4 sany utilizator-gazan, bug turbinalalrynyň 2-si hereket eder. Şertnama laýyklykda desga 2018-nji ýylyň ahyryna çenli işe giriziler. 

Ungaşdyrylan desgaly energobloklarda energiýa gaz turbinaly generatorlarda işlenilip çykarylýar. Ýangyç ýakylanda çykýan gazlar diňe bir esasy turbinany herekete getirmäni, eýsem ýörüte utilizator-gazana düşüp, gyzgyn suwuň bugundan kemala gelýän ýokary basyş netijesinde ikinji generatora energiýa berýän bug turbinasyny herekete getirýär. Şeýlelik bilen elektrik stansiýasynyň ýokary netijeli işledilmegi gazanylýar. 

Elektrik energiýasyny işläp çykarmagyň iki dolanşygynyň utgaşdyrylmagy elektrik stansiýasynyň peýdaly täsir koeffisiýentini (PDK) ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Adaty dolanşykda PDK 25-35 göterim bolýan bolsa, utgaşykly dolanşykda ol görkeziji 54 göterime ýetýär. Şunda ýylylyk ulanylmagy netijesinde hersiniň kuwwatlylygy 263 megawatt bolan bug turbinalary öz generatorlaryny özleri aýlaýar. Ýylylyk energiýasy bölüji ulgamlara goşmaça 526 megawatt tok berilmegini üpjün edýär. Şeýlelikde, goşmaça tebigy gaz ýakylmazdan 33 göterime golaý kuwwatlyk alnar. 

Aňryçäk ulanylyş taýýarlygy göz öňünde tutulmagy bilen Mary-3 taslamasy ýurduň elektrik energiýasyna talabyny üpjün etmekde özboluşly çözgüt bolup biler. Onuň Mary DES-iniň çäklerine golaý ýerde ýerleşdirilmegi energetika desgalarynyň ikisiniň bir bölüji ulgamyna işlemegine mümkinçilik berýär, bu bolsa goşmaça elektrik geçirijileriň gurulmagyny talap etmeýär. Enjamlary sowatmaga suw bermek üçin Garagum derýasynda arassalaýjy desgalar toplumy bolan kuwwatly sorujy beket guruldy. 

Şeýle energetika desgalarynyň birnäçesi sebitleriň elektrik energiýasyna talabyny üpjün eder. Hususan-da, ýurduň Energetika ministrliginde “2013-2020-nji ýyllara elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň” çäklerinde Ahal DES-ini we Daşoguz DES-ini utgaşdyrylan dolanşyga geçirmek göz öňünde tutulýar. Elektrik stansiýalarynyň utgaşdyrylan dolanşyga geçirilmegi netijesinde diňe bir energetika desgalarynyň netijeliligi ýokarlanman, eýsem howa goýberilýän zyýanly galyndylaryň möçberi-de ep-esli derejede azalar, bu bolsa Pariž ylalaşygynyň jähtinden Türkmenistanyň halkara borçlaryna gabat gelýär, ol ýurdumyzda 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklanylypdy. Mundan başga-da, pudakda alnyp barylýan uly möçberli işler ýurduň talabyny doly üpjün etmäge we elektrik energiýasyny daşary ýurtlara-da ibermäge mümkinçilik berýär.