Ýokary tehnologiýalar nebit skwažinalarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň düzümindäki “Nebitgazçykaryş” trestiniň düýpli abatlaýyş müdirliginiň abatlaýyş toparlary nebit skwažinalarynyň üznüksiz işlemegini we uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň artdyrylmagyny üpjün edýärler. Diňe geçen ýylda abatlaýjylar göz öňünde tutulan 475 skwažina derek olaryň 605-sini dikeltdiler. Netijede 700 müň tonna golaý çig nebit alyndy, munuň özi tabşyyrkda bellenilendäkiden 300 müň tonna golaý köpdür. 

“Nebitgazçykaryş” tresti skwažinalary düýpli abatlamak boýunça Barsagelmez, Goturdepe we Gamyşlyja kärhanalarynyň binýadynda döredildi. Nebit skwažinalaryna hyzmat etmek we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler edaranyň alyp barýan işidir. Häzirki wagtda önümçilik toparlaryň 60-dan gowragy tükmen kenarýaka ýataklarynda skwažinalaryň düýpýaka zolagyny berkitmek, ulanyş sütünlerindäki näsazlyklary düzetmek, suw sütünleini çetleşdirmek boýunça we gaýry işleri ýerine ýetirýärler. 

Ýurduň esasy pudagynyň kärhanalary, şol sanda abatlaýjylar hem ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen yzygiderli üpjün ediýär. Hususan-da, “Nebitgazçykaryş” tresti döwrebap göteriji enjamlar bilen üpjün edildi: Hytaýda öndürilen «XJ-450» enjamlar toplumy 4500 metr çuňlukda düýpli we 5500 metr çuňlukda ýeňil abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Göteriji täze enjam Goturdepedäki 22-nji skwažinada abatlaýyş işlerinde synagdan geçirildi. Indi ol başga ýerlerde-de ulanylýar. 

Maýyşgak sorujy-kompressor turbaly enjamlaryň ulanylmagy abatlaýyş işlerini has-da çaltlandyrýar. Olar esasan skwažinanyň düýpýaka zolaklaryndaky çäge böwetleri aýyrmak, diwarlaryny parafin gatlaklaryndan arassalamak, skwažinanayň ulanyş sütüninde sement köprüleri goýmak üçin we beýleki işlerde ulanylýar.