Aşgabatlylar Mikelanželo Merizi de Karawajonyň eserleri bilen tanşýarlar
Paýtagtyň medeniýet durmuşynyň aýdyň wakasy “Karawajo Türkmenistanda” sergisiniň açylyşy bilen boldy, ony Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleri, şeýle hem ýurdumyzdaky Italiýanyň Ilçihanasy gurady.
Sergi şol bir wagtyň özünde iki ýerde: Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem-de Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda, beýik italýan suratkeşi Mikelanželo Merizi de Karawajonyň (1571-1610) eserleri bilen tanyşdyrylar.
Sergide Karawajonyň sungatyny sanly tehnologiýanyň şöhleleri arkaly görüp bolar. Ajaýyp reproduksiýalar eseriň hakyky ölçegi bilen deň geler, ýörite şöhlelendirmeler ýagtylyk-kölegesini gecirip, tomaşaçylarda örän uly tasir galdyrar.
Karawajo XVII asyr Ýewropa suratçylygynyň realistik akymynyň düybüni tutujy hasap edilýär. Eýýäm onuň irki işleri – “Hassa Wakh”, “Lýutnýaçylar” ýaly eserleri täzeçillik hasap edilipdir. Reňkleriň sazlaşygy onuň suratlaryna beýiklik berýär, onuň gahrymanlary durmuşa söygüden doludyr we tomaşaça aýratyn lezzet berýär.
Sergi 25-nji fewrala çenli dowam eder.