RSS

SOŇKY HABARLAR

3 Iýun

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI GURALAN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY

3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen  «Welosiped» binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,...

DOWAMY
3 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY DIPLOMATIK WEKILHANALARY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPED ÝÖRIŞLERINI GURNADYLAR

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary we konsullyklary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda giňden bellenilýän bu halkara baýramçylygy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde tassyklanyldy. Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgaz...

DOWAMY
2 Iýun

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA SAPARY TAMAMLANDY

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy. Irden hormatly Prezidentimiz Mekgeden Jidda şäherine geldi. Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň uçary musulmanlar üçin ähmiýeti boýunça ikinji şähere — Medinä ugrady. Bir sagada golaý wagtdan uçar Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy M...

DOWAMY
1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ UMRA HAJYNY BERJAÝ ETMEK ÜÇIN SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IKI GÜNLÜK SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Uçuşyň dowamynda Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde keramatly ýerlere zyýarata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaşulular we ak gyňaçly eneler yslam dünýäsinde mukaddes çäreleriň biri hasaplanýan umra hajyny berjaý etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. D...

DOWAMY
31 Maý

ALMATYDA MERKEZI AZIÝANYŇ WE ÝB-NIŇ ÝÖRITE WEKILLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi. Çäräniň barşynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistany...

DOWAMY
29 Maý

Ýaponiýada Bütindünýä welosiped günine bagyşlanyp sport çäresi geçirildi

2022-nji ýylyň 28-nji maýynda Bütindünýä welosiped günine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Ýaponiýanyň Tokai uniwersitetiniň sport bagynda welosipedli ýörüşi gecirildi. Agzalan çärä Tokai uniwersitetinde okaýan türkmenistanly we daşary ýurt talyplary hem-de sport höwesjeňleri gatnaşdylar.  Geçirilen çärede ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alnyp, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ös...

DOWAMY
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI BMG-NIŇ SENAGAT ÖSÜŞI BOÝUNÇA GURAMASYNYŇ TÄZE BELLENEN BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, hususan-da häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi. Gerd M...

DOWAMY