img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2023-nji ýylyň 15-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky meselä geçmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurl...

DOWAMY
pic
15 Maý

YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GAZAK TOPARYNYŇ 12-NJI MEJLISI IŞINI TAMAMLADY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda, Astana şäherinde türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzukl...

DOWAMY
pic
15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň müdiri Golda el-Huri bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Bu nukdaýnazardan, türkmen diplomatynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bu gurama bilen...

DOWAMY
pic
15 Maý

ÝAPONIÝANYŇ NIPPON GAZNASYNYŇ “READ JAPAN PROJECT” ATLY TASLAMASYNYŇ ESASYNDA TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA KITAPLAR SOWGAT BERILDI

Ýaponiýanyň Nippon gaznasynyň “Read Japan Project” atly taslamasynyň esasynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna sowgat berlen kitaplar gelip gowuşdy. 2023-nji ýylyň 13-nji maýynda institutyň ýapon dilini öwrenýän 3-nji we 4-nji ýyl talyplary Ýaponiýanyň taryhy, ykdysadyýeti, döwlet gurluşy we diplomatik gatnaşyklary hakynda ýazylan bu kitaplar bilen tanyşdylar. Bu kitaplar Ýa...

DOWAMY
pic
13 Maý

ОБСУЖДЕНЫ ВОПРОСЫ ТУРКМЕНО-КИТАЙСКОГО ПАРТНЁРСТВА

Сегодня, 13 мая 2023 года, состоялись переговоры временно исполняющего обязанности министра иностранных дел В.Хаджиева с первым заместителем министра иностранных дел КНР Ма Чжаосюй, находящимся в Ашхабаде с рабочим визитом. В рамках консультаций стороны обменялись мнениями по широкому спектру вопросов двусторонней повестки. Как отметил руководитель туркменской делегации, туркмено-китайские отношения всестороннего стратегического партнёрства динамично развиваются по многим направлениям. Их...

DOWAMY
pic
12 Maý

MERKEZI AZIÝA WE ÝAPONIÝA ÝURTLARYNYŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILLERI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDILER

Duşuşygyň dowamynda Ýaponiýanyň Ilçisi jenap Işikane Kimihiro, Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde Ýaponiýanyň alyp barýan işleri barada gysgaça maglumat berdi, hususan-da Geňeşiň sebit howpsuzlygyny berkitmek ugrundaky işine ünsi çekdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilleri sebitdäki ýurtlaryň we Ýaponiýanyň BMG-däki hyzmatdaşlygy, şeýle hem daşary işler ministrleriniň 2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Tokioda geçirilen duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp...

DOWAMY
pic
12 Maý

«ÝAŞYL» YKDYSADYÝET WE SANLY ÖZGERTMELERIŇ MESELELERI BILEN BAGLY TEGELEK STOL BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we Türkmenistanda sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17-19-njy aprelinde Ženewada geçirilen BMG...

DOWAMY