SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÄJIGISTANYŇ TÄZE ILÇISI KABUL EDILDI
2023-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Ministr türkmen tarapynyň ilçä dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtaland...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WELOSIPEDÇILERIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi. Myhman Welosipedçileriň halkara birleşiginiň welosiped sportunyň ösdürilmegine uly goşant goşýan ýurdumyz bilen däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwlet Baştutany myhmany mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki sap...
TÜRKMENISTAN BILEN LITWANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-litwa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, litwa tarapyna - Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mantas Adomenas ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredilip geçildi. Taraplar ulag we logistika infrastrukturasy, energetika, daşky gurşaw m...
TÜRKMEN-ITALÝAN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş departamentiniň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy, Ilçi Janluka Grandiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösüşiniň mümkinçilikleri barada piki...
TÜRKMENISTAN “EKSPO – 2025 OSAKA” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE TAÝÝARLYK GÖRÝÄR
Türkmenistanyň “EKSPO – 2025 bütindünýä sergisine” gatnaşmagy bilen bagly taýýarlyk işleriniň çäklerinde türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 20-21-nji iýunynda Ýaponiýanyň “2025 - Bütindünýä sergisi” boýunça Assosiasiýasy we Osaka şäher häkimligi bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň agzalan serginiň işine gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk we tehniki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ BAE SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäginde Emirlikleriň Strategiki gözleg we ösüş merkeziniň baş direktory doktor Soltan Mohammed Al Nuaimi bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen diplomaty Türkmenistanyň BAE bilen doganlyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga umyt bildirdi. Soňra tanyşdyryly...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ PARLAMENT IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynd...