SOŇKY HABARLAR
MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry – 1-nji oktaýbry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň m...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi. Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde s...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň agzalary, hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mübäreklemäge hem-de onuň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýu...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramowyň Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýapon tarapy türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ýokary derejede saklanylýandygyny aýdyp, 2022-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurduň Döwlet we Hökümet baştutanlarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligi belläp geçdi. Ş...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE ZENAN PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 14-NJI SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 8-9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň Zenan parlament ýolbaşçylarynyň 14-nji Sammitine gatnaşdy. “Parlament liderligi: durnuklylygy we abadançylygy has hem netijeli üpjün etmek üçin töwekgelçilikleri çaklamak” temasy boýunça geçirilýän bu foruma halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Parlamentara Bileleşiginiň...