img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ak tama gelenden soň, Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi. Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «C5+1» formatyndaky sammi...

DOWAMY
pic
10 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy. Amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildir...

DOWAMY
pic
10 Noý

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Konwensiýa güýje girer

2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda «Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda Konwensiýa» güýje girer. Bu resminama 2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlaryň bilelikdäki 15-nji mejlisiniň dowamynda gol çekildi. 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda resmi diplomatik n...

DOWAMY
pic
7 Noý

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni we Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, LTD» kompaniýasy degişli Ähtnama gol çekdiler

?CIET-2025» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserni we Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, LTD» kompaniýasy Türkmenistanda esasy himiýa önümçilik desgalarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Gol çekilen Ähtnamanyň maksady  konserniň garamagyndaky desga üçin bug gazanyny üpjün etmek we çalşyrmak bilen bagly işleri ýerine ýetirmekden ybarat. Ulanylýan bug gazanlary häzirki zaman hi...

DOWAMY
pic
7 Noý

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň  arasynda elektrik geçirijileriň üstünde buz toplanmagyna garşy göreşmek barada ylalaşyga gol çekildi

?CIET-2025» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Energetika ministrligi we «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasy  ýurtda ygtybarlylygy we üznüksiz elektrik üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşygy gol çekdiler. Ylalaşygyň maksady elektrik geçirijilerinde buzuň emele gelmeginiň öňüni almak üçin ýöriteleşdirilen enjamlary üpjün etmekden ybarat. Üýtgeýän howa şertli sebitlerde elektrik geçirijilerde buzuň ýygnanmagy e...

DOWAMY
pic
4 Noý

Türkmenistan Türkiýäniň we Ýaponiýanyň ägirdleri bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

?CIET-2025» halkara maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň öňdebaryjy kompaniýalar bilen strategik hyzmatdaşlygyny tassyklaýan birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Ýokarda agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamämmedowyň «Rönesans Endüstri Tesisleri» kompaniýasynyň Turkmenistandaky şahamçasynyň direktory Erdem Irsel we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanada bilen duşuşygy geçir...

DOWAMY
pic
3 Noý

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýasynyň  Ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito bilen duşuşdy. «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy «GAP Inşaat» (Türkiýe) kompaniýasy bilen konsorsiumda Gyýanlyda ýyllyk kuwwaty 1,155 million tonna bolan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny alyp barar. Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda,...

DOWAMY