RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Ýan

Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwri üçin Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işiniň Meýilnamasy tassyklanyldy

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Ony AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komiteti hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi “Suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly GIZ Sebit Maksatnamasy hem-de Merkezi Aziýadaky Sebit ekologiýa merkezi bilen bilelikde guradylar. Foruma AHHG-nyň Müdiriýetiniň hem-de Ýerine Ýetiriji komitetiniň agzalary, şeýle hem daşary ýurtlaryň wekiliýetleri-- Gazagystandan, Täjigistandan, Özb...

DOWAMY
pic
29 Ýan

Türkmen kikboksing türgenleri halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler

Biziň türgenlerimiz ýylyň başyndan bäri abraýly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallary gazandylar. Kikboksing boýunça biziň ýygyndy toparymyz Helsinki şäherinde geçirilen Finlýandiýanyň açyk çempionatyna gatnaşdylar. Sylaglar ugrunda ýüzden gowrak türgen, şol sanda Şwesiýadan, Litwadan, Estoniýadan we beýleki ýurtlardan türgenler bäsleşdiler. Bu bäsleşikde biziň türgenlerimiz jemi 12 medaly gazandylar. Olaryň bäşisi altyn, üçüsi kümüş, dördüsi bolsa bürünç med...

DOWAMY
pic
28 Ýan

DUŞENBEDE “MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary wezipeli şahslaryň nobatdaky 12-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de bu dowletleriň Täjigistanda akkreditirlenen ilçileri gatnaşdylar. Ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Me...

DOWAMY
pic
27 Ýan

2017-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy

Bu görkeziji senagat pudagynda 5,5 göterim, gurluşykda 1,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterim, söwdada 9,4 göterim, oba hojalygynda 5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9 göterim ýokarlandy.  2016-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,4 göterim artdy.  2017-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýyla garanyňda, 19 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi durnukl...

DOWAMY
pic
26 Ýan

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn görnüşde hem köptaraplaýyn görnüşde hem dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.  Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň hem-de abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutna...

DOWAMY
pic
25 Ýan

DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA BMG-NIŇ ÖM BILEN BILELIKDÄKI TASLAMASYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Akademiýanyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemlerine seredildi, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi. Belli bolşy ýaly 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüşiniň meýilnamalaryny...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Aşgabatda Halkara talyp sporty federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada resmi sapar bilen gelen Halkara talyp sporty federasiýasynyň (FISU) prezidenti Oleg Matysinyň ýolbaşçylygyndaky bu guramanyň wekilýeti bilen duşuşyk boldy.  Daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda talyp sporty ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýurdumyzyň degişli sport gurluşlarynyň FISU bilen gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmalydygy barada pikir aýtdylar. DIM-niň wekille...

DOWAMY