RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Dek

Täze, 2018-nji ýyly belent sepgitlere ýetmek arzuwlary bilen garşylaýarys!

Türkmenistanlylar Täze, 2018-nji ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. Biz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan hem-de ýatdan çykmajak köp sanly täsirler, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünlik bilen geçmegi mynasybetli ýakymly wakalar bilen aňymyzda galan 2017-nji ýyly uly abraý bilen tamamladyk.  Ministrler Kabinetiniň 29-njy dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbang...

DOWAMY
pic
27 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET WE HUKUK INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

2017-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Tür...

DOWAMY
pic
26 Dek

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijesinde kabul edilen Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň gün tertibiniň 19(i) bölüminiň resminamasy hökmünde çap edildi.

DOWAMY
pic
22 Dek

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...

DOWAMY
pic
21 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyl arçasynyň dabaralaryna gatnaşyp, çagalar bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy, şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň çäginde Wepaly alabaýyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiz ilki bilen paýtagtymyzdaky täsin sport toplumyna tarap ugrady, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi garşyla...

DOWAMY
pic
19 Dek

ÖSÜŞ MAKSADY BILEN 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ MILLI DOLANDYRYŞ WE UTGAŞDYRYŞ TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY

2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglyk guramasynyň, BMG-niň ilat gaznasynyň Türkmenistanda akkreditirlenen wekilleri we ýolbaşçylary, şeýle hem Türkme...

DOWAMY
pic
15 Dek

Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklary ýakylyp, hemmämiziň söýgüli baýramçylygymyz bolan Täze ýylyň ýakynlaşyp gelýändigini dabaraly buşlady.  Müňlerçe çagalaryň we uly ýaşly türkmenistanlylaryň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň gatnaşmagynda şowhunly çäräniň dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu ýerde iň belent we owadan bezelen Baş arça oturdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan asylly däbe görä,...

DOWAMY